Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) alymlary ýakynda çap edilen “Science Advances” žurnalynda bir dozaly öz-özüni güýçlendirýän waksina işläp düzýändiklerini habar berdiler. Waksina adam bedenine sanjym edilenden soň, güýçlendiriji sanjyma mätäçlik bolmazdan, ony birnäçe gezek goýberip bolýar. Täze waksina gyzyljadan Covid-19-a çenli dürli kesellere garşy ulanylmagyna garaşylýar. Bu täze waksina poli(süýt-ko-glikolik turşusy) (PLGA) bölejiklerinden ýasalýandygy habar berilýär. PLGA zäherli däl we gowy biouýgunlaşmaga eýe bolan parçalanýan funksional polimer organiki birleşmedir. Ol implantlarda, tikişlerde, abatlaýyş materiallarynda we ş.m. ulanmak üçin tassyklanyldy.
Ýerleşdirilen wagty: 2022-nji ýylyň 26-njy iýuly
